Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


kürt , gökleňlerde  kürdük



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet146/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   142   143   144   145   146   147   148   149   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

kürt
, gökleňlerde 
kürdük
(bu ýerde –ük—jem goşulmasy), tekelerde 
kürtçapyk
( ýagny çapyklar 
bilen gatyşyp ýaşaýan kürtler”), garadaşlylarda 
topbakürt
(“topbak 
ýaşaýan kürtler”) diýen tirelere duş gelinýär. Hazirlikçe biziň elimizde 
hiç hili delil bolmasa-da, kürt etnonimiýasynda hem türkmen tire-taýpa 
atlarynyň esli orun eýeleýändigini çak edýäris.
KYRAÇ, KYRAÇLY
Kyraçlylar Çärjew welaýatynda ýaşaýan salyr türkmenleriniň uly 
uruglarynyň biri bolup, onuň wekilleri Farap raýonynyň Kyraç obasynda, 
Dänew raýonynyň “Kommunizm”, “Aşgabat”, “Mir”, Frunze adyndaky, 
Darganata raýonynyň “Gyzyl Baýdak” kolhozlarynda ýaşaýarlar. 
Darganatada kyraçlylara 
kyranç
hem diýilýär. Bu urugyň ululy-kiçili 
toparlary Buhara welaýatynyň Alat we Garaköl raýonlarynda-da duş 
gelýär.
Çärjew welaýatynda ýaşaýan ilatyň etnik taryhy barada uly ylmy 
iş ýazan moskwaly etnograf Ýa.R. Winnikow şu etrapdaky salyrlaryň 
düzüminde kyraçly, ýaýçyly, händekli, akjyk, gazarçy, araky, gulançy, 
merkit, köpekli, mugal, eşekçi, deýnewli, ýediurug, kyrköüli, egri, ýagyr 
diýen uruglaryň bardygyny nygtap, olaryň arasynda kyraçlylary ululygy, 
adam sany boýunça birinji ýerde goýýar. Şu alym kyraçlylaryň tirkeş, 
aýagarykly, ýüzbegi, tarpyzly, obaly ýaly tirelerden durýandygyny 
hem belläpdir. Ýa.R. Winnikow dänewde ýaşaýan kyraçly ýaşulular 
Jumak Jumamyrdaow we Öwlüýäguly Seýithanowdan ýazyp alan 
maglumatlaryna esaslanyp, kyraçlylaryň ilki Garaköl raýonynda 
ornaşandygyny hem belläpdir. Emma gurakçylyk zerarly bularyň 
oturan ýerlerini gum basandygy üçin, 120 ýyl çemesi öň (geçen asyryň 
ortalarynda) olaryň Amyderýanyň kenaryna göçendiklerini belleýär. 
Şu alym hem kyraç diýen etnik ady rowaýat esasynda “40 aç” diýip 
düşündirýär (Ürgençden ýa-da Mangyşlakdan 300 ýyl çemesi öň Lebaba 
göçüp gelen 40 sany aç, ýagny garyp maşgaladan dörän il).
Biz elimizde bar bolan maglumatlara esaslanyp
kyraç, kyraçly
diýen etnik adyň ýüze çykyşyny we manysyny şeýleräk terzde 
düşündirmekçi.


161
Kyraç
diýen at iňňän irki türki (türkmen) etnonimleriniň biridir. 
VI—VIII asyrlarda Mongoliýa etraplarynda (Ötükende) uly Türki 
Kaganaty (imperiýany) esaslandyran we oguz türkmenleriniň bir bölegi 
bolan gök türkleriň arasynda 
Kyraç
ata diýen legendar şahs bolup, ol edil 
Gorkut ata ýaly, ile öwüt-ündew bermek bilen meşgullanan öňden görüji 
adam hökmünde suratlandyrylýar. Bu şahsyň ady belli türk ýazyjysy 
Atsyzyň gadymytürk eýýamyny teswir edýän “Bozgurtlar” diýen taryhy 
romanynda öwran-öwran gaýtalanýar. Belki, kyraç urugynyň ady şol 
täryhy şahsyň Kyraç ata diýen ady bilen baglanyşyklydyr. Ärsary, 
atabaý, jafarbaý, utamyş, tagtamyş, gyzyl, begenjaly ýaly türkmen tire-
taýpalaryna şeýle taryhy şahslaryň adynyň dakylmagy bu pikiri hakykata 
has ýakynlaşdyrýar. Galyberse-de, kyraçlaryň düzümindäki 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   142   143   144   145   146   147   148   149   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish