Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


gyzyl sözi gyzyl diýen türkmen taýpasynyň ady bilen baglanyşykly bolsa gerek. GYLAWUZ



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet121/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   117   118   119   120   121   122   123   124   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

gyzyl
sözi gyzyl diýen türkmen taýpasynyň ady bilen baglanyşykly
bolsa gerek.
GYLAWUZ
Sakar raýonynda ýaşaýan hojaili taýpasynyň düzüminde 
gylawuz
diýen tire bar. Professor Faruk Sümer Türkiýäniň Siwas welaýatynda 
kulaguzly
diýen türkmen urugynyň ýaşaýandygyny ýazýar. Bu etnik 
toparlaryň we olaryň atlarynyň şol bir kökden dörändigini aňmak kyn 
däl. Gadymy türki dillerde 
gylawuz
sözi “garawul” diýen manyny 
aňladypdyr, türk dilinde bolsa ol häzirki döwürde-de “öňbaşçy”, 
“serkerde” ýaly manylarda ulanylýar. Diýmek, 
gylawuz
diýen tirelere ýa 
olaryň kesp-käri (garawulçylyk edendikleri) sebäpli, ýa-da tirebaşynyň 
gylawuz lakamy boýunça at dakylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Stawropol 
türkmenleriniň ýaşaýan sährasyndan Kalaus, türkmençe Gylawuz diýen 
derýajyk akýar. Oňa-da şol tiräniň adynyň dakylan bolmagy mümkindir, 
çünki seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) we ondan soň bu etraplara 


132
türkmenler göçüp gelýärler. Gylawuzlar şu derýanyň boýunda ýerleşen 
bolsalar gerek. Häzirki Stawropol türkmenleri (çowdurlar, igdirler, 
söýünjajylar) bu ýere XVII asyrda Maňgyşlakdan göçüp gelipdirler. 
Ýöne olar özleriniň düýbünden näbelet ýerinden däl-de, eýsem öňden 
gatnaşykly gadymy garyndaşlarynyň ýanyndan orun tutan bolsalar gerek.
GYLYÇMERGEN
Saryklaryň gojaly urugynyň 
gylyçmergen
diýen tiresi XVIII asyrda 
ýaşap geçen taryhy şahsyň adyny göterýär. Saryklaryň arasynda saklanyp 
galan we etnograf Çary Ýazlyýewiň ylmy işlerinde bellenen rowaýata 
görä, Gylyç mergen we Naýza mergen diýen serkerdeler Çärjew 
töwereginde ýaşaýan saryklaryň Mara göçmegine baştutanlyk edýärler. 
Ýöne bu ýere göçüp gelenlere Mary hany Baýramaly han ýer bermeýär. 
Emma ýatlanan iki serkerde ýaý atmaga gaty türgenligini hanyň öňünde 
subut edenden soň, Baýramaly bu mergenlere we olaryň iline Murgabyň 
aýagyndan mülk bölüp berýär. Bu illere-de serkerdeleriniň atlary 
dakylýar.
GYNYK
Irki orta asyrlarda oguz türkmenleriniň iň güýçli we uly taýpalarynyň 
birine gynyk diýlipdir. Mahmyt Kaşgary ony 24 taýpanyň arasynda 
birinji orunda goýýar we öz döwrüniň soltanlarynyň (Garahanylar 
dinastiýasyndan bolan şalaryň) şu taýpadan çykanlygyny belleýär. Ýeri 
gelende aýtsak, Mahmydyň özi hem hut şu taýpanyň wekili eken. Eýýäm 
Reşideddiniň (XIV asyr) we Abylgazynyň (XVII) işlerinde gynyklar 
iň soňky—24-nji orna düşýär. Ähtimal, seljuklaryň hereketi döwründe
(XI asyrda) bu taýpa tutuşlygyna Orta Aziýadan Kiçi Aziýa ýurtlaryna 
(Türkiýä, Yraga, Siriýa, Kawkaza) göçen bolsalar gerek. Muny Orta 
Aziýanyň häzirki etnonimiýasynda gynyk diýen adyň saklanmandygy 
hem tassyklaýar.
Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba, Abylgazy dagy gynyk diýen 
etnonimi taýpabaşynyň ady hasaplaýarlar. Reşideddin we Abylgazy ony 
Oguz hanyň 6-njy ogly Deňizhanyň 4-nji perzendiniň, Salar Baba bolsa 
Gökhanyň 4-nji oglunyň Gynyk diýen adyna syrykdyrýar we bu sözüň 


133
manysyny “her ýerde bolsa eziz bolgaý” diýip düşündirýärler. Gazak 
alymy W.U.Mahpirowyň pikiriçe, gynyk sözi “tutanýerli”, “okgunly”, 
“güýçli” diýen manydadyr.
Orta asyr alymlarynyň gynyk sözüne berýän düşündirişlerinden çen 
tutsaň, eýýäm şol döwürde onuň hakyky manysynyň ýitirilendigine göz 
ýetirmek kyn däl. Biziň pikirimizçe, bu at gadymy gunlaryň etnik adynyň 
biraz üýtgän görnüşidir: 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   117   118   119   120   121   122   123   124   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish