Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet99/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

GARAÇUKA, GARAÇUHA
Ýomutlarda 
garaçuka
diýen uly urug, alililerde gem 
garaçuha
diýen tire bar. G.I. Karpowyň pikirine görä, ýomut garaçukalarynyň 
öň 
gutlutemir
, Hywa taryhçysy Munisiň şaýatlyk etmegine görä bolsa 
çony-şeref
diýlipdir. Munis Balkan we Gürgen etraplarynda ýaşaýan 
çony-şerefleriň eýranlylaryň eşigini (garaçuka diýip atlandyrylýan üsti 
gara geýimli) geýendikleri üçin, olara garaçukalar diýip at beripdirler. 
Taryhçy A.Orazowyň işlerinde-de bu türkmenleriň gara ýüň matadan 
tikilen gursakça geýendikleri we şol sebäpli olaryň garaçuka diýen 
etnik ada eýe bolandyklary barada ýazylýar. Garaçuklar we garaçuhalar 
aslynda bir kökden dörän etnik toparlardyr.
GARKYN, GARJAW, GARMA, GARNAS, GURAMA
Gurluşyna we manysyna üns beren okyjy bu türkmen etnonimleriniň 
garmak
we 
guramak
(ýagny “seplemek”, “birleşdirmek”) işliklerinden 
emele gelendigine hem-de olaryň “garylan”, “gatylan”, “dürli tirelerden 
düzülen” ýaly manylary aňladýandygyna göz ýetirse gerek. 
Garjaw, 
garma
tireleri ärsarylaryň, garnas diýen uruglar gerkezleriň we 
ärsarylaryň, 
gurama
diýen urug-tireler bolsa alili, ýomut, saryk, teke, 
änewli, ärsary taýpalarynyň düzüminde duş gelýärler. Bulardan 
garnas
diýen etnonim karaunas görnüşinde Fergana türklerine-de mahsus, 
hatda Mawerannahrdaky çagataýlara-da karaunas diýlipdir. Mogolystan 
döwletinde ýaşan mogollaryň gepleşiginde karaunas sözi “garym-gatym 
il” diýen manyny aňladypdyr. Türkmen garnaslarynyň ady hem şol söz 
bilen asyldaş bolsa gerek.
Sözbaşyda ilkinji getirilen 
garkyn
sözi gadymy türkmen taýpasynyň 


111
ady bolup, ol ilkinji gezek Reşideddiniň ( XIV asyr) eserinde duş gelýär. 
Bu alym, şeýle-de Ýazyjy-ogly, Salar Baba we Abylgazy dagy Garkyny 
Oguz hanyň Ýyldyzhan diýen üçünji oglunyň dördünji neberesiniň ady 
hasap edýärler we bu taýpany 24 türkmen kowumlarynyň arasynda 12-nji 
orunda goýýarlar, adyň manysyny bolsa “aşly-nanly”, “naz-nygmatly” 
diýip düşündirýärler. Türkmen halk rowaýatlarynda Garkyn Ärsarynyň 
daýysy hasaplanýar.
Mahmyt Kaşgarynyň eserinde duş gelmeýän bolsa-da, 
garkyn
sözi iňňän gadymydyr. Muny seljuklar hereketi döwründe (XI asyrda) 
garkynlaryň Türkiýä, Yraga, Siriýa, Kawkaza (Azerbaýjana, Ermenistana, 
Gürjüstana), Kryma aralaşandygy bilen delillendirmek bolar. Meselem, 
häzirki Türkiýede 34 sany Garkyn atly oba bar bolsa, XVI asyrda bu san 
62-ä ýetýän eken. Owganystanda we Eýranda hem garkynlar köpçülik 
bolup ýaşaýarlar. Türkmenistanda garkynlar häzirki Saýat raýonynyň 
Garkyn we Halaç raýonynyň Çohpetde obalarynda saklanyp galypdyr.
GARLYK 
Manysy boýunça bu etnonim ýokardakylar bilen meňzeş bolsa-da, 
garlyklaryň iňňän gadymy türkmen taýpasydygyny nazara alyp, biz ony 
aýratyn makalada getirmegi makul bildik.
Garlyklaryň etnik ady 
gelolu
görnüşinde ilkinji gezek Hytaý 
çeşmelerinde—Tan şalarynyň hökmürowanlygy döwründe (615—907 
ýyllarda) ýazylan “Tanşu” diýen senenamada duş gelýär. Şondan bir 
asyr soň bu at eýýäm 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish