104
gökleň, ýomut, olam, sakar, salyr, teke, çowdur, şyh ýaly ençeme
taýpalaryň,
ak
diýen urug-tireler hem ýomut, gökleň, teke we ärsary
taýpalarynyň düzüminde duş gelýärler. Umuman, türki etnonimiýada
ak
we
gara
sözleri iňňän ýörgünli bolup, olar ikä bölünen bir taýpanyň
ýa-da urugyň şol böleklerini tapawutlandyryjy söz hökmünde hem
ulanylýarlar. Meselem: ak goňur—gara goňur, ak goýunly—gara
goýunly, ak guraýyş—gara guraýyş, akman—garaman we ş.m.
Şeýle atlardaky
ak, gara
, hatda
gök, sary, gyzyl
ýaly reňk
aňladýan sözleri alymlaryň aglabasy reňk bilen däl-de, şol ady göterýän
etnik toparlaryň ýerleşýän taraplary bilen baglanyşdyrýarlar, çünki bu
sözler dünýäniň köp dillerinde diňe reňki däl, eýsem belli-belli tarapy
hem bildirýärler. Meselem, Altyn Orda etnonimiýasynda
ak
sözi
“gündogar” (Ak Orda—“gündogar Orda”), Krymda “günorta”, türki we
mongol halklarynda
gara
sözi “günbatar” ýa-da “demirgazyk”,
gök
—
“gündogar”,
sary
—“merkezi” ýa-da “demirgazyk” ýaly taraplary
aňladypdyr. Şonuň üçin,
ak
we
gara
sözleriniň aýyklaýan sözleriniň
düşüp galmagy netijesinde, olaryň diňe özüniň soňra etnonime öwrülen
bolmagy ähtimaldyr.
“Tuwa taryhynyň” awtorlary türki etnonimiýadaky
ak
we
gara
sözlerini gadymy gunlaryň harby tertibi bilen baglanyşdyrýarlar. Gunlar
atly goşunlaryny dörde bölüp, olary tarap atlary bilen atlandyrypdyrlar.
Meselem, goşunyň günbatar tarapy aklar, demirgazyk ganatyna garalar
diýlipdir. Olar öz adyna laýyk reňkli atlary münüpdirler.
Gara diýen türkmen etnonimi Abylgazy Ärsary baýyň Zeýnelgazy
diýen oglundan bolan agtygynyň ady hasaplaýar. Irki eýýamlarda
gara
sözüniň “garamaýak”, “garyp-gasar il” ýaly manyny aňladandygyny,
etnonimiň hem hut şu sözdendigini çaklaýanlar-da bar.
Türki etnonimlerde köp duş gelýän gara sözüni Orta Aziýadaky
Garahanylar döwletiniň başynda duran garahanylar ýa-da ilekhanlar
dinastiýasynyň 1127—1212), şu dinastiýanyň ilkiniji hökümdary
Abdylkerim Satyk garahynyň ady bilen baglanyşdyrýan çaklamalara-da
duş gelinýär.
Her niçik bolsa-da, biz
gara
diýen etnik adyň juda irkidigini, onuň
Garahandan däl, eýsem Oguz handan hem öň dörändigini güman edýäris.
Türki hanlara olar han saýlanandan soň dürli hormatly lakamlaryň
(Iltüzer, Bilge kagan), şol sanda olaryň degişli taýpalarynyň atlarynyň
hem (Atatürk, Ärsary)
dakylandygyny nazara alsak, Abdylkerime-
105
de Garahan diýen lakamyň gara diýen etnonim bilen baglanyşykly
dakylmagynyň mümkindigini bellemekçidiris.
Gara
etnoniminiň biziň eramyzdan (Oguzhandan) has öň dörändigini
subut edýän bir delil, ol-da tungus-manjur dillerinde gepleşýän halklaryň,
meselem, Ýakutystanda (Sahada) ýaşaýan ewenleriň düzüminde-de
gara
diýen urug-taýpalaryň bolmagydyr. Irki döwürlerde bu halklaryň we
türkleriň bir ýerde ykjam oturandygy, olaryň dilleriniň hem bir kökden
(altaý dillerinden) ýaýrandygy göz öňünde tutulsa,
onda olardaky we
bizdäki gara etnonimleriniň aslynyň birdigini çaklamak hakykatdan
üzňe bolmasa gerek. Eger şeýle bolsa, onda bu etnonimleriň döwründen
bäri 3000 ýyl (belki, ondan hem köp) wagt geçipdir.
Şu aýdylanlaryň üstesine ýene bir etnonimi ýatlalyň, Ärsarylarda
Do'stlaringiz bilan baham: