Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet82/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   78   79   80   81   82   83   84   85   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

Bäşbagly Hesen
ýa-da 
bäşöýli
hem diýlipdir. Bu 
ýerde 
“öý”
sözi “taýpa” manysynda bolsa, 
Hesen
sözi Esenili diýen 
etnonimiň gysgalan görnüşidir (bu barada öz ýerinde gürrüň bereris).
Kaşgaderýa welaýatynyň “Mübärek” sowhozynda ýerleşen Saryk 
obasynda ýaşaýan saryklaryň bäşöýli, salyrlaryň kiçiaga bölümindäki 
bäşurug diýen etnik toparlaryň at alşy hem bäşbagly etnonimindäki 
ýalydyr.
GABYRDY
Ärsarylaryň uludepe bölüminiň bir urugy gabyrdylar bolup, olaryň 
wekilleri häzir Halaç raýonynyň Gyzylaýak obasynda we Hojambaz 
raýonynyň Beşir obasynyň Gabyrdy uçastogynda ýaşaýarlar. XIX asyrda 
Halaçda ýaşap geçen şahyr Abdyrahym Zynharynyň “Myhman gelendir” 
goşgusynda bu urugyň ady agzalýar:
Halaç on urugnyň azy gabyrdy,
Aýagyny tel tutup eder tabyrdy.
Gabyrdylaryň özleri däl-de, eýsem olaryň töwereklerinde ýaşaýan 
beýleki urug-tireleriň wekilleri bu etnik ady gabyrdamak diýen ses 
meňzetmesi bilen baglanyşdyrýarlar (gabyrdap gepleýänler), emma 
beýle düşündirişiň hakykat bilen asla dahyly ýok.
Biz gabyrdy diýen etnik adyň manysy barada iki çaklamany 
okyjylaryň dykgatyna ýetirmekçi. Birinji çaklama görä, bu urugyň ady 
XI asyryň birinji ýarymynda Mara häkimlik eden seljuk soltany Dawut 
Çagrybegiň ogly Imadeddin Gaward ýa-da Gawurd diýen şazadanyň 
adyndan emele gelipdir. Bu şazadanyň ýolbaşçylyk eden gynyk taýpasy 
şol döwürde Aral we Kaspi aralykdaky sähralarda oturypdyr. Mahmut 


91
Gaznewiniň goşunlary 1040-njy ýylda Mary şäheriniň ýakynynda 
seljuk türkmenleri tarapyndan derbi-dagyn edilenden soň, Kiçi Aziýada, 
Kawkazda, Müsür, Siriýa, Yrak ýaly ýurtlarda Gaznewileriň eýelik eden 
mülkleri seljuk hökümdarlarynyň arasynda bölüşilýär. Çagrybegiň ogly 
Gawurda Eýrandaky Kerman etraplary ýetýär. Ol bu welaýata 1041—
1073-nji ýyllar aralykda hökümdarlyk edýär.
Diýmek, gabyrdy urugynyň ady şazada Imadeddiniň 
Gawurd
diýen 
adyndan we degişliligi bildirýän –y goşulmasyndan durýär. Bu goşulma 
sanjary, ýagmyry, surhy, ýabany ýaly ençeme türkmen etnonimleriniň 
ýasalmagyna hem gatnaşýar.
Biziň bu çaklamamyzy hakykata ýakynlaşdyrýan ýene bir fakt hem 
Halaçdaky 
süleýman
urugynyň adydyr. Mälim bolşy ýaly, Süleýman 
Dawut Çagrybegiň üçünji ogly, Gawurdyň bolsa agasydyr. Bu iki aga-
ininiň atlarynyň soňra olaryň häkimlik eden ilatynyň etnik ady hökmünde 
ulanylan bolmagy gaty mümkindir.
Ikinji çaklama görä, gabyrdy diýen etnonim iki bölekden durýar. 
Onuň 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   78   79   80   81   82   83   84   85   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish