ýagmyr
ýa-da
ýagmyry
diýen uly we güýçli taýpa bolupdyr. Häzir onuň galyndysy hut şeýle
at bilen gökleňleriň, ýagmyrçy görnüşinde hem hataplaryň düzüminde
saklanypdyr (ýagmyrçy—“ýagmyr taýpasyna degişli il” diýen
252
manydadyr). A. Roslýakowyň, S.Agajanowyň pikirine görä, bu taýpa asly
ýazyrlardan bolan we XI asyryň başynda (1028-nji ýylda) türkmenleriň
Horasan häkimleriniň garşysyna alyp baran göreşlerine baştutanlyk eden
görnükli serkerdäniň—Ýagmyryň ady dakylypdyr.
Biz bu etnonimiň gadymy türki ýagma diýen taýpanyň (ýa-
da halkyň) ady bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini hem
unutmaly däldiris. Baryp XI asyrda Mahmyt Kaşgary tarapyndan
agzalýan bu taýpa dokuzoguzlardan bölünip aýrylýar we garlyklaryň
eýeleýän mülkleriniň uly bölegini olaryň paýtagty Kaşgar bilen bile
basyp alýar. Ýagmalaryň köpüsi soňra özbek halkynyň düzümine siňýär.
W.W. Bartold
ýagma
diýen etnonimi “ýagýanlar”, “çozýanlar”
diýip düşündirýär. Dogrudan-da,
ýagma
sözi “dökülmek”, “çapmak,
çapawullamak” diýen manydadyr. Türkmen dilindäki ýagy, ýow sözleri
hem şu söz bilen asyldaşdyr.
Ýagmyr
we
ýagma
sözleriniň yzyndaky –myr we –ma
goşulmalarynyň hyzmaty hem birräkdir: -myr (ýa-da –myş) öten zaman
ortak işliginiň goşulmasy bolsa, -ma iş adyny bildirýär.
ÝAZYR, ÝAZY
Ýazyr—24 türkmen taýpalarynyň iň ulularynyň biri bolup, Mahmyt
Kaşgary ony (ýazgyry) 10-njy, Reşideddin, Ýazyjy-ogly we Abylgazy
5-nji, Salar Baba bolsa 9-njy orunda ýerleşdiripdirler. Salar Baba by
taýpa adyny geçiren taýpabaşyny Ýyldyzhanyň birinji ogly hasaplasa,
beýlekiler ony Aýhanyň birinji ogly edip görkezýärler. Ýazyr sözüne
olaryň beren düşündirişleri şeýle: Reşideddin: “Çok (köp) ülkede häkim”;
Ýazyjy-ogly: “Çok welaýat anyň ola”; Salar Baba: “Köp welaýatlar
seniň sary bolgaý”; Abylgazy “Iller agasy”. Soňky alym özişinde ýasyr
diýen taýpanyň adyny hem tutýar we oňa “Aldyga her nemerse (närse)
uçrasa, any ýykar” diýip düşündiriş berýär.
Elbetde, bu alymlaryň ählisi adyň asyl köküni ýazmak (ýere
ýazmak, ýagny “ýeňmek”, “basyp almak” manysyndaky söz) bilen
baglanyşdyrýarlar: ýazyr-ýazar, ýagny “boýun egdirer”. Bu ýagdaý eýýäm
orta asyrlarda ýazyr etnoniminiň hakyky manysynyň unudylandygyn
güwä geçýär.
Biziň pikirimizçe,
ýazyr
sözüniň manysy we gelip çykyşy barada
253
akademikler S.P. Tolstowyň we A.A. Roslýakowyň pikirleri hakykata
ýakyndyr. Bular
ýazyr
etnonimini gadymy ýas diýen türki taýpa bilen
baglanyşdyrýarlar. Bu pikiri Abylgazynyň işinde 24 türkmen taýpasynyň
biri (6-njysy) hökmünde
Do'stlaringiz bilan baham: |