Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet218/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   214   215   216   217   218   219   220   221   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

çomak, çoman, çomur
diýen etnonimleriň yzyndaky 
–ak,
-an, -ur 
goşulmalary köplügi aňladyp, tutuşlygyna bu atlar “topar”, “il”, 


240
“taýpa” diýen manyda ýüze çykypdyr.
Käbir okyjylaryň 
çomur
diýen etnonimiň “oturymly il” manysyndan 
ugur alyp, biziň çaklamamyz bilen ylalaşmazlygy mümkin. Ýöne biz 
olara 
çomur
sözüniň hut özüniň hem 
çarwa
, ýagny göçüp-gonýan, 
dagynyk il manydaky sözüň tersine, 
çomur
, ýagny “bir ýere ýygnanan, 
oturymly, topbak il” diýen manyda ýüze çykandygyny ýatlatmakçydyrys.
Sözümiziň ahyrynda, Garagalpagystanda ýaşaýan çoman diýen 
ýomut tiresiniň obasyna 
Çomanoý
diýilýändigini ýatladýarys 
(Daşhowuz ertrapynyň toponimiýasynda oý sözi “oba”, “oturymly ýer” 
diýen manydadyr. Deňeşdiriň: Alilioý, Magtymoý, Kyrkgyzoý). Soňra şu 
ýerdäki posýologa we raýona-da obanyň ady geçýär, ýöne garagalpaklar 
bu ady Şumanaý görnüşinde ulanýarlar.
ÇOTAKLY, ÇOTAN, ÇOTLAR, ÇOTUR
Ärsary taýpasynyň çekir urugyna degişli 
çotakly
, kyraçly salyrlarda 
(Farapda) 
çotlar
, tekelerde 
çotan
, gökleňlerde hem 
çotur
diýen tireler 
bolup, olaryň ählisiniň ady çot sözünden we köplügi, jemi bildirýän 
–ak, 
-an, lar, -ur
goşulmalaryndan emele gelipdir.
Yzyndaky –
ly
diýen degişlilik goşulmasyndan çen tutsaň, çotakly 
tiresiniň ady “Çotak diýen ýerden çykan il” manysyndadyr. Ýerli 
ýaşulular hem ony hut şeýle düşündirýärler.
Balkanda, Maňgyşlakda ýaşan türkmenleriň üstüne XVII—XIX 
asyrlarda Hywa hanlarynyň wagtal-wagtal çozandygy, şol çozuşlarda bu 
etrapdaky türkmenler üçin Çotak diýen ýeriň tebigy gala bolup hyzmat 
edendigi barada taryhy çeşmelerde degerli maglumatlar bar. Çotak 
diýen ýer üstünden geçip bolmajak dagyň öwrüminde ýerleşip, onuň 
diňe girelgesi goralypdyr. Ýöne bu çeşmelerde Çotagyň ýerleşen ýeri 
görkezilmändir. Şol döwrüň taryhy wakalaryny derňän W.W. Bartold 
ýaly alymlar hem onuň nirededigini anyk bilmändirler. Arheolog Hemra 
Ýusupowyň Günbatar Türkmenistanda geçiren barlaglary netijesinde 
Çotagyň Şagadam-Gyzylgaýa şosse ýolunyň ugrunda, Tersakan jarynyň 
demirgazygynda, Akgyryň günorta-günbatar böleginde ýerleşýändigi 
anyklandy. Diýmek, çotakly tiresiniň “Çotak etrapynda ýaşaýanlar”, 
“çotakly” diýen ady hakykata has laýykdyr. Şol döwürde ärsarylaryň şu 
ýerde ýaşandygy hem bu pikiri doly tassyklaýar.


241
Ýöne biz Çotak deresine-de çotak tiresiniň ady dakylypdyr diýip 
çaklaýarys, çünki ýokarda sanalan tireleriň adyna esas bolan çot sözi 
dag atlarynda duş gelmeýär, emma ol türkmen tireleriniň atlarynda köp 
gaýtalanýar, hatda gyrgyzlarda-da bir uruga çot diýilýär.
Biziň gözden geçiren türki sözlüklerimizde çot sözüniň tire ady üçin 
ýaraýjak manysyna duş gelmedik. Diňe XI asyr alymy Mahmyt Kaşgary 
Hotan türkleriniň dilinde “urug”, “tohum” manysynda çut, çüt sözüniň 
ulanylýandygyny ýazypdyr. Şundan ugur alyp, türki etnonimlerde köp 
duş gelýän çot sözüniň “urug”, “tire” manysynda ýüze çykan bolmagynyň 
mümkindigini bellemekçidiris. Aglaba etnonimleriň hut şu ýol bilen 
dörändigi bu çaklamany hakykata has-da ýakynlaşdyrýar.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   214   215   216   217   218   219   220   221   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish