Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


gun-gyn , etnonimiň yzyndaky – yk



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet122/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   118   119   120   121   122   123   124   125   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

gun-gyn
, etnonimiň yzyndaky –
yk
bolsa köplük 
ýa-da jem goşulmasydyr: gunyk-gynyk, ýagny “gunlar”.
GYPJAK
Iňňän gadymy türki taýpa bolan gypjaklar orta asyrlarda uly 
halkyýet derejesine ýetipdir. Gypjaklaryň taryhyny ýörite öwrenen 
özbek alymy K.Şanyýazow 
gypjak
sözüniň mundan 2300 ýyl öň ýazylan 
taryhy çeşmelerde duş gelýändigini belleýär. Orta asyrlarda türki halklar 
gypjaklar we oguzlar diýen iki topara bölünipdirler. Bularyň gypjak 
toparyna başgyrt, tatar, nogaý, gumuk, garaçaý, balkar, gazak, garagalpak 
ýaly halklar giripdir.
X asyrda Gazagystanyň demirgazyk-günbatar taraplarynda ýaşan 
gypjaklar kem-kemden Orta Aziýanyň Deştigypjak sähralaryna, Wolga 
boýlaryna we Gara deňiz kenarlaryna aralaşyp, Týan-Şandan tä Dunaý 
derýasyna çenli aralyga ýaýraýarlar. 1054-nji ýyldan başlap, orus 
senenamalarynda 
gypjak
diýen etnonim orusça terjime edilip, 
polowes
görnüşinde ulanylmaga başlaýar. Ýewropa alymlary bolsa gypjaklara 
kuman, koman, kuban
diýipdirler (ýeri gelende aýtsak, Krasnodar we 
Stawropol ülkelerinden akýan Kuban derýasyna hem şu kumanlaryň 
etnik ady dakylypdyr).
1103-ni ýylda orus knýazy Wladimir Monomahdan ýeňlip, 
gypjaklaryň bir bölegi Gürjüstana göçýär. Mongollaryň Gündogar 
Ýewropa eden ýörişinde gypjaklar ilki Demirgazyk Kawkazda, soňra 
Kalka boýundaky söweşde çym-pytrak edilip, olaryň ýene bir bölegi 
Bolgariýa we Majarystana (Wengriýa) gaçyp, şu ýerlerde ornaşýar, esasy 
topary bolsa mongollara goşulyp, Altyn Ordanyň esasy ilatyny emele 
getirýär.
Reşideddin we onuň işinden peýdalanan beýleki orta asyr alymlary 
gypjak sözüniň gelip çykyşyny şeýle düşündirýärler: Oguz han itbarak 


134
taýpasyndan ýeňlip, gyşda iki derýanyň arasynda galýar. Şol wagt äri 
uruşda ölen bir göwreli aýal agajyň gowagynda çaga dogurýar. Bu atasyz 
çagany Oguz ogullyga alýar we oňa Gypjak diýip at dakýar. Gypjak sözi 
kubuk sözünden bolup, ol “gowak”, “köwek”, ýagny “agajyň köwegi” 
diýen manydadyr. Şu oglanyň nesillerine-de gypjak diýip at galýar. 17 
ýyldan soň Oguz itbakarlary ýeňýär we olaryň baş götermezligi üçin, 
gypjaklary itbakarlaryň arasyna (Ýaýyk, häzirki Ural derýasynyň 
boýuna) göçürýär.
Her niçik bolsa-da, orta asyr alymlarynyň gypjak sözüne beren 
düşündirişi ylmy taýdan maňzyňa batmaýar. Bu etnonim guba diýen türk 
sözi (reňk ady) bilen baglanyşdyrylsa hakykata laýyk bolar, çünki onuň 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   118   119   120   121   122   123   124   125   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish