Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


esgi diýen etnonim “ýaşuly, irki,  köne” manysyndaky  esgi



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet224/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   220   221   222   223   224   225   226   227   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

esgi
diýen etnonim “ýaşuly, irki, 
köne” manysyndaky 
esgi
diýen türki sözdendir. Janybek hanyň 1357-nji 
ýylda ölenligini nazara alsak, esgi taýpasynyň dörän wagty hem XIV 
asyryň ikinji ýarymyna gabat gelýär.
Abylgazynyň taryhy hakykat bilen utgaşyp duran bu maglumatyny 
inkär etmäge hetdimiz ýok. Ýöne esgi diýen etnonimiň juda irki 
bolaýmagynyň mümkindigi baradaky çaklamamyzy okyjylaryň 
dykgatyna ýetirmekçi. Ak hun, eftalit, abdal diýen atlar bilen taryhda yz 
galdyran gadymy türki halk bolupdyr (bu barada 
Abdal
diýen makala 


247
serediň). Biziň eramyzyň III-IV asyrlaryndaky taryhy wakalary beýan 
edýän çeşmelerde şol ak hunlaryň 
asgil
ýa-da 
eskil
diýen taýpasynyň 
ady tutulýar. Bu sözüň yzyndaky 
–l
köplük goşulmasy hasap edilse, 
şol taýpanyň asgi ýa-da eski diýen adynyň derňelýän esgi etnonimine 
esas bolup biljekdigine düşünmek kyn däl, sebäbi hunlar (ýa-da gunlar) 
türkmenleriň gös-göni gadymy ata-babalarydyr.
Öz gezeginde
asgi
diýen taýpanyň gadymy türki as, az diýen 
halkdan gaýdýan bolmagy hem mümkindir. Bu toparyň baryp VII asyrda 
agzalýan etnik ady igdirleriň 
asa
tiresiniň we Demirgazyk Kawkazda 
ýaşaýan 
oseti
(orusça osetin) halkynyň adynda saklanýar, osetileriň ady 
os
, ýagny 
as
diýen etnik atdan we gürji dilinde “ýurt”, “il” manysynda 
ulanylan 
eti
goşulmasyndan durýar. (Deňeşdiriň: swaneti, kaheti). Malim 
bolşy ýaly, osetileriň etnogenezinde bolsa şol türki aslar ulky orun 
eýeleýär. Esgi diýen etnonim aslaryň adyndan (as sözünden) gaýdan 
ýagdaýynda, onuň yzyndaky ki (k we i) bölegini gadymy türki köplük, 
jem goşulmalary hasap edýäris (kemki, erki, kerki, gowky, soky, gyrgy 
ýaly etnonimler bilen deňeşdiriň).
Sözümiziň ahyrynda Ahmet Bekmyradow ýaly ajaýyp edebiýatçy 
alymyň we Kömek Kulyýew ýaly gowy ýazyjynyň esgi ilinden 
çykandygyny ýatladýarys.
ESENILI
XV—XVII asyrlarda Maňgyşlakda we Uzboý ýakalarynda ýaşan 
igdir, çowdur, arabaçy, abdal we kem-käsleýin gökleň taýpalary birleşip, 
uly etnik topary ýa-da tutuş ili emele getiripdirler. Olara esenili diýlipdir. 
Bu at çeşmelerde hasanili, il içinde bolsa esenhany görnüşlerinde hem 
duş gelýär.
G.I. Karpow Esen we Hasan diýen ady Sufiýan handan öň Hywada 
hanlyk eden Hasan hanyň ady bilen baglanyşdyrýar. Başga bir işinde 
ol türkmenleriň bir böleginiň Oguz hana ýa-da onuň 6 oglunyň birine, 
beýleki bir toparynyň bolsa Çingiz hana Esen diýýändigini belläpdir.
Etnograf G.I. Wasilýewa özbekleriň bir böleginiň, gazaklaryň we 
garagalpaklaryň nesilbaşysyna Esen han diýilýändigini habar berýär. 
Esenili diýen etnonim, belki, şu şahsyň ady bilen baglanyşyklydyr.


248

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   220   221   222   223   224   225   226   227   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish