Çakyr
diýen ady bolsa “aran” manysyndaky
çakyr
sözi (rus dilindedäki ýakor hem şu sözdendir) ýa-da çakyr diýen
aw guşunyň ady bilen baglanyşdyrmak mümkin. Bu ýagdaýda çakyr
etnonimi tagmanyň görnüşine görä döräpdir ýa-da totemden emele
gelipdir.
Çak
sözi bilen gelýän etnonimleriň ýüze çykmagyna ýatlanan
ýagdaýlaryň sebäp bolup biljekdigini inkär etmezden, biz olaryň asyl
232
köki barada düýbünden başga çaklamany orta atmakçy: bu atlar gadymy
sak
diýen etnonime syrygýar (Sak diýen makala serediň). Saklaryň ady
geçmişde
sak, saka, şak, şaka, çaka
görnüşlerinde-de ulanypdyr. Türki
dillerde s-ş we ş-ç ses çalşygy ýay fonetik hadysa däl: baş—bas, gaş—
kas, şiýşe—çüýşe, çi’lik—şaşlyk we ş.m. Eger bu çaklama hakykata
dogry gelýän bolsa, onda çaka, çakan, çakyr etnonimleriniň soňundaky
–a, -an, -yr
goşulmalary köplügi, jemi bildirýärler.
Bu atlaryň saklardan gaýdýanlygyny subut edýän delil hökmünde
olaryň juda gadymydygyny, çakmak etnoniminiň özbeklerde, azerbaýjan
etnonimiýasynda, çakçak diýen tiräniň gazak argynlarynda, gyrgyzlarda,
çakyr diýen sözüň hem azerbaýjanlarda, gyrgyzlarda, hatda gadymy
bulgarlaryň düzüminde bardygyny ýa-da bolandygyny şu ýerde ýatlap
geçýäris.
ÇAL, ÇALÇA, ÇALBAR, ÇALBOZAN, ÇALMA, ÇALŞAK,
ÇALYŞ
Çal
sözi bilen gelýän etnonimler türkmen taýpalarynyň aglabasynda
duş gelýär. Meselem,
çal/çallar
(baýat, ýomut, hatap, ärsary, garawul
taýpalarynda),
çala
(alili, saryk, teke, ärsary),
çalbar
(çowdur),
çalbozan
(saryk),
çalma
(ärsary),
çalmak
(pamyk),
çalyş
(ärsary, hatap,
esgi). Çal, çala, çalyş diýen tire-taýpa atlary gyrgyzlaryň, özbekleriň,
azerbaýjanlaryň düzüminde-de bar. Bu bolsa beýle atlaryň juda
gadymydygyndan habar berýär. Meselem, seljuklar hereketinden (XI
asyrdan) öň türkmenler Günorta Gyrgyzystanda oturypdyrlar. Olaryň bir
şäherine (galasyna) Çalyş diýlipdir. Bu ýerde çalyşlar ýaşandygy üçin,
ol şeýle at alypdyr. Çalyşlaryň bir bölegi seljuklar bilen Siriýa barypdyr.
Türk alymy Faruk Sümer XVI asyrda çalyş diýen şol oguz taýpasynyň
Halapda ýaşandygyny habar berýär.
Ýokarda aýdylanlardan çen tutsaň, iňňän irki eýýamlarda çallar
uly türki taýpany emele getirip, soňra olar çar tarapa dargan we beýleki
taýpalaryň düzümine siňen bolarly. Bu etnik adyň çal sözüni çal başly
(çal sakgally) taýpabaşynyň lakamy bilen baglanyşdyrmak göwnejaý
bolaýjak ýaly, çandyrlaryň çalbaş tiresiniň ady hut şeýle düşündirişiň
tarapyny tutýar. Ýöne
çal
sözi bilen gelýän etnonimleriň beýlekilerinde
bu sözüň a sesiniň gysga aýdylmagy olaryň köküniň başga sözdendigine
233
güwä geçýär. Üstesine-de, Dörtgül (Garagalpagystan) türkmenlerinde bu
etnonim çalabaş görnüşinde gysga aýdylýar.
Biz türki dillerde s sesiniň ş, ş sesiniň ç sesine geçiş kanunalaýyklygyny
göz öňünde tutup, (bu barada
Do'stlaringiz bilan baham: |