1. Tema: Giriş. Dersiň maksady we wezipeleri. Türkmen halk döredijiliginde öwrenilýän meseleler



Download 13,63 Kb.
Sana20.02.2022
Hajmi13,63 Kb.
#460372

1.Tema: Giriş . Dersiň maksady we wezipeleri . Türkmen halk döredijiliginde öwrenilýän meseleler. Meýilnama:

  1. Dersiň maksady we wezipesi barada maglumat.

  2. Türkmen halk döredijiligi barada maglumat.

  3. Halk döredijiliginiň öwrenilişi.

Asyrlaryň dowamynda dilden-dile, nesilden-nesle geçip, ýat­dan aýdylyp, biziň günlerimize gelip ýeten şahyrana döredijilige halk döredijiligi diýilýär.Halk döredijiliginiň eserlerinde adamlar özüniň ynançlaryny, durmuşyny, däp-dessurlaryny beýan edýärler. Edebi eserleriň bu görnüşi hakykaty çeper beýan edişi, obrazlarynyň dogruçyllygy, aýdyňlygy bilen tapawutlanýar. Aýry-aýry adamlar tarapyndan döredilen ol eserleri halkymyz asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Olar çeperçilik däplerine durnuklylygy bilen ýatda galýarlar. Dürli milletleriň halky eserlerinde meňzeşlikleriň ýüze çykmagy tebigydyr. Şonuň bilen bilelikde bu eserler asyrlaryň dowamynda her halkyň mahsus bolan milli aýratynlygyny, medeniýetini, ýaşaýyş durmuşyny dolulygy bilen özüne siňdiripdir.
Çeper söz döredijiligi adamzadyň gepleýiş diliniň kämilleşmegi bilen döräp başlapdyr.Muňa zähmetkeş halk öz täsirini ýetiripdir. Ze­hinli söz ussatlary diňe bir halky eserleriň döremegine däl, eýsem, olaryň halk arasyna ýaýramagyna hem ýardam beripdirler. Halk döredijiliginiň özboluşly aýratynlyklary bolup, olar, esasan, şulardan ybaratdyr:
1. Eseri döreden adamyň adynyň ýuwaş-ýuwaşdan ýatdan çykmagy.
2. Her bir aýdyjynyň tekste öz dilewarlygy bilen özgerişler gi­rizmegi, ýagny tekstde durnuklylygyň bolmazlygy.
3. Halky eserler öz üstünden köp döwürleri geçirse-de, dörän döwründäki taryhy wakalary özünde saklaýar.
4. Folklor eserleriniň mazmuny öz döwrüniň syýasy, ykdysady talaplaryna, ahlak ýörelgelerine laýyklykda üýtgäp durýar.
5. Halk döredijiliginiň eserleriniň araçägi bolmaýar. Jahankeşdeler, derwüşler, söwdagärler ol eserleri ýaýradypdyrlar. Diňlenilen eserler halkyň arasyna ýaýrap, şol halkyň milli eserine öwrülipdir hem-de ony kabul eden halkyň gepleşik dilinde bolup, degişli çeper­çilik serişdeler bilen bezelip, dürli görnüşde beýan edilendir.
Türkmen folklor eserlerinde hem gadymy arap, grek, pars, hin­di halklarynyň edebi mirasyna meňzeşligiň bolmagy-da, şular ýaly gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.
6. Folklor eserleriniň täzeden döräp durmak we ýitip gitmek häsiýetleri bar.
7. Biziň halk döredijiligimiziň eserlerinde azerbaýjan, özbek halklarynyň medeniýetiniň täsiri uly bolupdyr. Soltansöýün (Soltan Hüseýin Baýkara), Myraly (Alyşir Nowaýy) bilen baglanyşykly döre­dilen ertekiler, şorta sözler az däl.
8. Ýazuwly edebiýat halky eserleriň esasynda döreýär (“Müň bir gije”, “Seýpelmelek-Methaljemal”, “Gül-Bilbil”, “Gül-Senuber”). Andalyp, Magtymguly, Şabende, Magrupy, Seýdi, Kemine, Mollanepes ýaly şahyrlaryň-da halypasy halk döredijiligidir.
Download 13,63 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish