Türkmenistanyň bilim ministirligi türkmenistanyň medeniýet ministirligi türkmen döWLET medeniýet instituty



Download 103,5 Kb.
bet4/7
Sana05.06.2023
Hajmi103,5 Kb.
#948902
1   2   3   4   5   6   7
Bog'liq
hindistan banglades

Tailandyň maddy gymmatlyklary.

Taýland. Taýland Patyşalygy — Günorta-Gündogar Aziýada döwlet, ol Hindi-hytaý ýarymadasynyň günorta-günbatar böleginde we Malakka ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýär1. Taýland 1939-njy ýyla çenli Siam diýlip atlandyrylýardy. Ol “thaý” sözünden gelip çykýar. Ýurduň döwlet dili bolan taý dilinde2 gürleşýärler.
Taýland3 patyşalygy Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşip, ýurduň günbataryny Andaman deňzi ýuwýar. Taýlandyň territoriýasy demirgazykdan günorta tarap uzalyp gidýär. Demirgazyk burçundan günorta burçuna çenli aralyk 1860 kilometre deňdir. Taýlandyň howasy dürli-dürli bolup, sebitde ýerleşýän ýurtlaryň howasyndan tapawutlanýar. Ýurduň howasy oba hojalygy üçin örän ýaramlydyr. Ýylda iki gezek hasyl ýygnalýar. Ýurduň dürli howa şertleri syýahatçylyk pudagynyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär. Ýurda ýylyň her paslyndan daşary ýurtly syýahatçylar yzygiderli gelýärler.
Tokaýlar ýurduň meýdanynyň 10 göterimini tutýar. Ýurduň demirgazygynda we günorta böleginde tokaýlyklar bar. Döwlet gurluşy.Ýurtda döwlet baştutany – patyşa. Ýurduň premýer-ministri patyşa tarapyndan bellenýär. Iki palataly parlament- Milli geňeş. Ol wekiller palatasy we senata bölünýär. Wekiller palatasynda 480 deputat, Senatda bolsa 150 deputat bar. Palatalaryň agzalaryny halk saýlaýar. Aşaky palata (wekiller palatasy) her dört ýyldan, Senat bolsa 6 ýyldan bir gezek saýlanýar.
Ilaty.Ýurduň ilatynyň agramly bölegini taýlar tutýar. Şeýle hem ýurtda Laos, Hytaý ýaly ýurtlaryň adamlary hem ýaşaýar. Ýurduň ilatynyň 94,6 göterimi buddizm dinine uýýar. Ilatyň 4,6 göterimi musulman. Ilatyň gürlügi – bir inedördül kilometre 118 adam düşýär. Ilatyň dörtden bir bölegi şäherde ýaşaýar.
Taýland patyşasy ýurduň baştutany hasaplanýar. Ýurtda patyşa maşgalasyna uly hormat goýulýar. Bu hormat patyşa Phumiphonyň halkynyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin edýän aladasyndan gelip çykýar. Buddizm we beýleki dinler ýurduň medeniýetinde we durmuşynda öz ornuny alypdyr. Ýurduň milli heýkeltaraşlyk sungatynda muny görmek bolýar.Ýurduň merkezi böleginiň ykdysady gatnaşyklary has ösen. Bangkok we onuň eteklerinde köp sanly iri senagat kärhanalaryna, banklara we söwda kompaniýalaryna duş gelmek bolýar. Ýurduň düzlüklerinde şaly, şeker çiňňirigi, mekgejöwen ýaly ekinler ekilýär. 1970-nji ýyllarda ýurduň ykdysadyýeti orta hasap bilen 7 göterim ösýärdi. Soňky ýyllarda bu görkeziji 13 göterime çenli ýokarlandy. Ýurduň ilatynyň işe ýaramly bölegi 34 million adama deňdir. Olaryň 57 göterimi oba hojalygynda, 17 göterimi senagatda, 11 göterimi söwdada, 15 göterimi hyzmat we döwlet gullugynda zähmet çekýär. Ýurduň ilatly nokatlarynyň agramly bölegi elektrik energiýasy bilen üpjün edilen.
Ýurtda maldarçylyga hem uly üns berilýär. Daýhanlaryň aglabasy et üçin towuk köpeldýärler. Şonuň hasabyna hem ýurtda towukçylyk pudagynda ep-esli ösüş gazanyldy. Ýurduň ilaty balykçylyk bilen hem meşgullanýar. Olar dürli deňiz jandarlaryny hem tutýarlar. 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda Taýland deňiz jandarlaryny tutmakda dünýäde öňdäki orny eýeledi.
Ýurduň gaýtadan işleýän senagaty 1990-njy ýyllardan soň çalt depginler bilen ösdi we iň girdejili pudaklarynyň birine öwrüldi. 1996-njy ýylda bu pudagyň girdejisi umumy içerki önüminiň 30 göterimine deň boldy. Bu ugurda elektronika, nebit-himiýa, awtoulaglaryň ýygnalmagy we zergärçilik has-da ösdi.
1960-70-nji ýyllarda dokma toplumyna we azyk senagatyna degişli kärhanalar guruldy. Ýurtda sement, faner, ulag tekerleri önümçiligi barha ösýär. Çeperçilik sungaty.Taýland milli çeperçilik sungaty bilen meşhurdyr. Ýurduň ähli ýerinde, şol sanda Bangkok we Çiangmaý ýaly iri şäherlerde çeperçilik sungatyna degişli merkezlere duş gelmek bolýar. Taýland – Aziýada ýüpek we dokma toplumyna degişli önümleriň önümçiliginde öňdäki orunlarda durýar. Ýurduň şäherlerindäki dükanlarda dürli hilli we arzan bahadan sowgatlyk harytlaryny satyn almak mümkin.
Baýramçylyklary4: Taýlandyň milli baýramçylyklary ýylyň dürli möwsümleri bilen baglanyşyklydyr. Songkhran (Täze ýyl) bahar paslynyň gelendigini habar berýär. Ol aprel aýynyň 12-14-i aralygyna deň gelýär. Bu baýramçylyk üç gün dowam edýär. Maý aýynda oba hojalyk möwsüminiň başlanandygyny alamatlandyrýan baýramçylyk, Budda bagyşlanan Wisakha-pudja baýramçylygy bellenýär. Sentýabrda Ok-phansa baýramçylygy bellenýär. Ol ýagyş möwsüminiň tamamlanandygyny alamatlandyrýar.


  1. Download 103,5 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish