SESLERIŇ DÜŞÜRILIP AÝDYLYŞY
Gepleýiş akymynda sözlerden sesleriň düşurilip aýdylyşy türkmen
dilinde giň ýaýran kombinator ses üytgemeleriniň bir gömüşidir. Çekimli
sesleriň düşürilip aýdylyşyna-da, çekimsiz sesleriň düşürilip aydylyşyna-da
häzirki türkmen edebi dilinde ýygy - ýygydan duş gelinýär. Sesleriň diňe düýp
sözlerden däl, goşulmalardanam, hatda söz düzümlerinde iki sözüň
sepgidindenem düşürilip aýdylýan halatlary bar. Sesleriň sözüň başyndan
düşurilişi türkmen dili üçin häsiýetli däl. Sesleriň, aýratynam, gysga aýdylýan
dar çekimlileriň söz ortasyndan düşürilişi —
sinkopa
hadysasy welin örän giň
ýaýran hadysa. Muňa dil biliminde
sinkopa
diýilýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |