I.
Gazna biržasynda söwdasy edilýän gymmatly kagyzlar
1.1. Gymmatly kagyzlary gazna biržasynda dolanyşyga goýbermegiň şertleri
1.1.1.
Gazna biržasynda dolanyşyga şular goýberilýär:
Türkmenistanyň
Ministrler
Kabinetiniň
çözgüdi
bilen
ýa-da
Türkmenistanyň
Maliýe
ministrligi
tarapyndan
çykarylan
Türkmenistanyň döwlet gymmatly kagyzlary;
8
Türkmenistanyň döwlete degişli bolmadyk kärhanalary we guramalary
tarapyndan emissiýasy edilen gymmatly kagyzlar;
Türkmenistanyň beýleki gymmatly kagyzlary we maliýe gurallary;
binýatlyk aktiwi, gazna biržasynda dolanyşyga (söwdalara) goýberilen
gymmatly kagyzlar bolup durýan, gymmatly kagyzlardan döredilýän
kagyzlar (deriwatiw).
1.1.2.
Gymmatly kagyzlary dolanyşyga goýbermek tertibi Gymmatly
kagyzlaryň listingi hakynda Tertip bilen tertipleşdirilýär.
II. Gymmatly kagyzyň esasy görkezijileri (parametrleri)
2.1. Gazna biržasynda dolanyşyga goýberilen gymmatly kagyzlaryň esasy
görkezijileri (parametrleri) her bir gymmatly kagyzlar boýunça emissiýanyň
teswir listi görnüşinde beýan edilýär. Türkmenistanyň döwlet gymmatly
kagyzlary üçin teswir listleri düzülmeýär.
2.2. Gymmatly kagyzyň teswir listi onuň emitenti, görnüşi, nominal gymmaty,
emissiýanyň möçberi, gymmatly kagyzlaryň sany, sanawy saklaýjy baradaky
maglumatlary we gazna biržasynyň söwdalaryna gatnaşyjylara onuň bilen
geleşikleri amala aşyrmak üçin zerur bolan beýleki maglumatlary öz içine alýar.
III. Gymmatly kagyzlar boýunça gazna biržasynyň söwdalaryna gatnaşyjylar
3.1. Gazna biržasynyň söwdalaryna gatnaşyjylar – Gazna biržasynyň agzalary
3.1.1. Gazna biržasynyň agzalarynyň özlerine berlen agzalyk derejelerine
laýyklykda, gazna biržasy tarapyndan gymmatly kagyzlar boýunça geçirýän
söwdalara gatnaşmaga haklary bardyr.
3.1.2. Gazna biržasynyň agzalygyna kabul etmegiň tertibi we şertleri Agzalyk
hakynda Tertip bilen tertipleşdirilýär.
IV. Treýderler
4.1. Gymmatly kagyzlar boýunça söwdalara gazna biržasynyň agzasynyň
adyndan olar tarapyndan ygtyýar berlen şahsy taraplar – treýderler
gatnaşýarlar, olaryň gymmatly kagyzlar bilen geleşik baglaşmak boýunça işleri
ýerine ýetirmeklerine rugsat edýän, gymmatly kagyzlar bilen işlemäge hukuk
berýän hünär şahadatnamalary bolmalydyr.
9
4.2. Treýderlere söwdalara gatnaşmaga rugsat bermegiň şertleri gazna
biržasynyň içerki resminamalary bilen kesgitlenýär.
4.3. Gazna biržasynda söwdalarynyň barşynda treýder tarapyndan gymmatly
kagyzlar bilen geçirilen islendik amallar onuň wekilçilik edýän gazna
biržasynyň agzasynyň hereketlerine deňleşdirilýär.
4.4. Treýder tarapyndan şu Tertibiň we gazna biržasynyň gymmatly kagyzlar
bilen geleşikleri baglaşmagyň we olary ýerine ýetirmegiň tertibini
düzgünleşdirýän beýleki içerki resminamalarynyň şertleriniň bozulandygy
ýüze çykarylanda, gazna biržasynyň bu treýderi gymmatly kagyzlar boýunça
gazna biržasynyň söwdalaryna gatnaşmakdan çetleşdirmäge haky bardyr.
Treýderi gymmatly kagyzlar boýunça gazna biržasynyň söwdalaryna
gatnaşmakdan çetleşdirmek baradaky çözgüt, gazna biržasynyň ýörite
döredilen topary tarapyndan kabul edilýär.
Treýderi gymmatly kagyzlar boýunça gazna biržasynyň söwdalaryna
gatnaşmakdan çetleşdirmek baradaky çözgüt boýunça, onuň wekilçilik edýän
gazna biržasy agzasy tarapyndan gazna biržasyna şikaýat edilip bilner.
Şikaýat etmek, çetleşdirmek baradaky çözgüdiň hereketini togtatmaýar.
Çetleşdirmek barada gutarnykly çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, treýderiň
çetleşdirilýändigi baradaky maglumatlar ygtyýarlandyryjy edara berilýär.
V. Söwdalara gatnaşmaga rugsat edilýän beýleki taraplar
5.1. Treýderlerden we gazna biržasynyň gymmatly kagyzlar boýunça gazna
biržasynyň söwdalaryna hyzmat edýän işgärlerinden, şeýle hem gazna
biržasynyň başlygyndan, onuň orunbasaryndan, gymmatly kagyzlaryň
dolanyşygyna hyzmat edýän ýöriteleşdirilen bölümiň ýolbaşçysyndan, degişli
bölümleriniň başlyklaryndan başga adamlaryň gazna biržasynyň söwdalaryna
diňe synlaýjy hökmünde we diňe gazna biržasynyň başlygynyň ýa-da onuň
orunbasarynyň rugsady bilen gatnaşmaga haklary bardyr.
5.2. Gazna biržasynyň söwdalaryna gatnaşýanlaryň hiç biriniň söwdalaryň
geçirilýän wagtynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, bildiriş yglan
etmäge we bellik etmäge, şeýle hem şu söwdalara gatnaşygy bolmadyk beýleki
hereketleri ýerine ýetirmäge haky ýokdur.
10
5.3. Treýderlerden başga birža söwdalaryna gatnaşýan beýleki adamlara gazna
biržasynda söwdasy edilýän gymmatly kagyzlar bilen amallary geçirmek
gadagan edilýär. Gazna biržasynyň söwdalaryna synlaýjy hökmünde gatnaşýan
adamlara söwda işine göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşmak gadagan edilýär.
VI. Gymmatly kagyzlar boýunça gazna birža söwdalaryny geçirmek
Gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri resmileşdirmek
6.1. Gymmatly kagyzlar boýunça birža söwdalarynyň geçirilýän ýeri we wagty.
6.1.1. Gymmatly kagyzlar boýunça gazna biržasynyň söwdalarynyň geçirilýän
ýeri we wagty Gazna biržasy tarapyndan bellenilýär.
6.1.2. Gazna biržasy, özüniň gymmatly kagyzlar boýunça geçirýän
söwdalaryna gatnaşyjylara olaryň geçirilýän ýeri we wagty barada (ýeriniň
we wagtynyň üýtgändigi barada) söwdalar başlanmazyndan 24 sagat
öňünden gijä galman habar bermelidir.
VII. Gymmatly kagyzlar boýunça gazna biržasynyň söwdalaryny geçirmegiň
ýörelgeleri
7.1. Gymmatly kagyzlar boýunça gazna biržasynyň söwdalaryny geçirmegiň
usullary şu Tertip bilen bellenilýär.
7.2. Gymmatly kagyzlara baglylykda we gymmatly kagyzlar bilen söwdalaryň
üznüksizligini üpjün etmek maksady bilen, gazna biržasynyň söwdalaryny
geçirmegiň usullarynyň biri, gazna biržasy tarapyndan esasy usul hökmünde,
galan usullaryň biri ýa-da ondan köp möçberi, goşmaça usul hökmünde
saýlanyp bilner.
7.3. Gymmatly kagyzlaryň biri boýunça gazna biržasynyň söwdalaryny esasy
usul bilen geçirmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, gazna biržasynyň çözgüdi
bilen goşmaça usullaryň biri peýdalanylýar.
7.4. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary, emitent tarapyndan
gymmatly kagyzlar birinji gezek gymmatly kagyzlar bazaryna çykarylanda
hem-de gymmatly kagyzlar dellallar tarapyndan alnyp satylanda bu söwda
geleşiklerini gazna biržasynda amala aşyrmaly we hasaba almaly.
11
VIII. Gymmatly kagyzlar boýunça gazna biržasynyň söwdalaryny geçirmegiň
usullary
8.1. Söwda geçirmegiň usullary:
8.1.1. Adaty auksion usuly
Bu usulda satyjy iň köp möçberde we iň ýokary bahada gymmat bahaly
kagyzlaryny satmagy maksat edinýär, satyn alyjy bolsa iň amatly bahada
satyn almaga maksat edinýär. Söwdanyň bu usulynda diňe bir satyjy we köp
satyn alyjy, ýa-da bir satyn alyjy ýa we köp satyjy bolanda ýerine ýetirilýär.
Gazna biržasynyň söwdasy gymmat bahaly kagyzlaryň diňe bir görnüşi üçin
gurnalýar. Bu usul diňe listingdäki gymmat bahaly kagyzlar üçin ulanylýar.
Söwdanyň bu usuly iki görnüşde geçirilýär.
8.1.1.1. Açyk teklip arkaly
Adaty auksionyň bu usulynda gymmat bahaly kagyzlar satylmak
islenilende, satyjy tarap gymmat bahaly kagyzy haýsy alyjynyň näçeden
aljakdygyny soraýar hem-de adaty auksion arkaly gymmat bahaly
kagyzlaryny ýerleşdirýär. Gymmat bahaly kagyzyň diňe bir alyjy
tarapyndan satyn alynmak islenende bolsa haýsy satyjynyň näçe
möçberden satjakdyklary barada teklipleri soraýar we adaty auksion
usulynda gymmat bahaly kagyzy ýerleşdirýär.
8.1.1.2. Ýazmaça teklip arkaly
Bu görnüş auksionda teklipler ýazmaça berilýär. Gymmat bahaly kagyzy
satjak tarap alyjy taraplardan baha tekliplerini we möçberlerini soraýar.
Alyjylar ýazmaça usulda haýsy bahadan näçe aljakdyklaryny gazna
biržasynyň maklerine berýärler. Baha teklipleri maklera berlende, baha-
wagt nobatyna (yzygiderliligine) görä teklipleriň sanawy düzülýär. Makler
teklipleri baha boýunça ýokardan aşak nobata goýup iň ýokary bahadan
gymmatly kagyzlary satmaga başlaýar we satyjynyň bellän mukdar
gutarýança aşaklygyna gidýär. Alyjylaryň aljak bahalarynyň deň gelen
ýagdaýynda, makler wagt nobatyna laýyklykda öňürtiligi kesgitleýär.
Diňe bir alyjy tarapyň gymmat bahaly kagyzlary satyn almak üçin auksion
geçirmeginde bolsa, satyjylar satuw baha we mukdarlaryny ýazmaça
usulda gazna biržasynyň maklerine berýärler. Makler bolsa berlen
12
teklipleri iň pes bahadan ýokarlygyna nobata goýup iň pes bahadan
satmana başlaýar we alyjynyň bellän mukdaryna ýetýänçä dowam edýär.
Söwdanyň dilden we ýazmaça görnüşleriniň ikisinde hem alyjy tarap aljak
gymmat bahaly kagyzy üçin iň ýokary bahany, satyjy tarap bolsa satjak
gymmat bahaly kagyzy üçin iň pes bahany söwda başlamazdan öň kesgitläp,
auksiony şol bahadan başlap bilerler.
Taraplaryň töleg boýunça borçnamalary gazna biržasynyň hasaplaşyk
düzgünleri esasynda amala aşyrylýar.
8.1.2. Gazna biržasyndaky söwdalarynyň teklipli usuly
Gazna biržasyndaky söwdalaryň teklipli usulynda, alyjy we satyjy taraplaryň
tekliplerinden söwdanyň iň ýokary mukdaryny emele getirýän bahany
kesgitläp, söwdanyň bu bahadan amala aşyrylýan usuly bolup durýar. Haýsy
hem bolsa bir gymmatly kagyzlar üçin şol gymmatly kagyzlary satyn almak
ýa-da satmak üçin, söwdalara gatnaşýan dellallar öz tekliplerini maklera
berýärler. Makler, bu teklipleri belli bir wagt aralygynda ýygnaýar. Soňra
dellallaryň teklipleri esasynda gymmatly kagyzlaryň sany boýunça iň köp
möçberde söwdanyň emele geljegi bir baha kesgitlenýär we bu baha
gymmatly kagyzlaryň bahasy yglan edilip söwdalar bu baha boýunça
geçirilýär.
Teklipli usulyň ýörelgeleri
8.1.2.1. Bu usula laýyklykda, söwda sessiýasynyň dowamynda dellallaryň
almak-satmak teklipleri belli bir wagt aralygynda, makler tarapyndan
ýygnalýar. Teklip berilýän wagt araçäginde söwdalar geçirilmeýär.
Teklipleri ýygnamak üçin bellenen wagt tamamlanandan soň, kumulatiw
hasaplamalaryna laýyklykda iň köp mukdarda söwdanyň amala
aşyrylmagyny üpjün edýän gymmatly kagyzlaryň bahasy kesgitlenýär.
Gymmaty kagyzlar üçin berlen ähli teklipleriň söwdasy, kesgitlenen baha
bilen amala aşyrylýar.
8.1.2.2. Teklipler berlende, gazna biržasynyň iň köp mukdar we baha
boýunça çäklendirmelerine laýyklykda berilýär.
8.1.2.3. Gymmat bahaly kagyzlary almak ýa-da satmak üçin teklipler
berlende Gazna biržasynyň düzgünleşdirýän aşakda görkezilen baha
basgançaklaryna görä berilýär.
13
Gymmatly kagyzlarda baha üýtgeme basgançaklary
Manat aralykda
1-9
0,2
10-49
1
50-99
5
100-499
10
500-999
50
1000 we ýokary
100
8.1.2.4. Teklipleriň kabul edilýän wagty aralygynda söwdalar amala
aşyrylmaýar.
8.1.2.5. Teklipleriň kabul edilýän araçäginde teklipleriň üýtgedilmegine
rugsat berilýär.
8.1.2.6. Teklipleri kabul etmegiň wagty tamamlanandan soň, iň köp
söwdanyň üpjün edilýän ýeke-täk baha yglan ediler. Teklipli söwdanyň şu
nobatyndaky ähli geleşikler bu bahadan amala aşyrylar.
Satyn alynýan we satylýan gymmatly kagyzlarynyň mukdary tapawut edýän
ýagdaýynda, tapawut edýän mukdar satyn alyjylarda artykmaçlyk etse,
gymmatly kagyzlarynyň satuwynyň nobatyny ýokary baha hödürleýän
satyn alyjylardan başlamaly.
Tapawut edýän mukdar, satyjylarda artykmaçlyk etse, gymmatly
kagyzlarynyň satuwynyň nobatyny pes baha hödürleýän satyjylardan
başlamaly.
Ýokarda beýan edilenler bilen baglylykda, satyn alyjylaryň ýa-da
satyjylarynyň hödürlän bahasynyň deň bolan ýagdaýynda, onda ilki teklip
beren tarapyň teklibi kanagatlandyrylýar.
Baha
Satyn
almak üçin
berlen
teklipler
(mukdar)
Satyn almak
üçin berlen
teklipleriň
kumulatiw
jemi
(mukdar)
Satmak üçin
berlen
teklipleriň
kumulatiw
jemi
(mukdar)
Satmak
üçin
berlen
teklipler
(mukdar
)
55
100
100
500
100
54
100
200
400
100
53
*
100
300
300
100
52
100
400
200
100
14
51
100
500
100
100
Iň kän geleşigiň amala aşmasyny üpjün edýän baha geleşik bahasy diýilýär.
Ýokarky mysalda 53 geleşik bahasy hökmünde kesgitlenendir. Bu bahadan
300 geleşik amala aşyrylýar, satyn alyjylar we satyjylar tarapyndan bu
bahadan 300 lot teklip edilýär. Tablisada görkezilen beýleki baha
derejelerinde amala aşyryljak geleşikler 300 lotdan az bolýar.
8.1.2.7. Iň köp söwdany üpjün edýän 2 sany baha emele gelen ýagdaýynda,
kumulatiw hasabyna görä haýsy bahada satylýan we satyn alynýan
gymmatly kagyzlarynyň sanynyň tapawudy pes bolsa, şol baha geleşigiň
bahasy diýip yglan edilýär.
Şeýle ýagdaýda tapawut edýän mukdar, satyn alyjylarda artykmaçlyk etse,
gymmatly kagyzlarynyň satuwynyň nobatyny ýokary baha hödürleýän
satyn alyjylardan başlamaly.
Tapawut edýän mukdar, satyjylarda artykmaçlyk etse, gymmatly
kagyzlarynyň satuwynyň nobatyny pes baha hödürleýän satyjylardan
başlamaly.
Ýokarda beýan edilenler bilen baglylykda, satyn alyjylaryň ýa-da
satyjylarynyň hödürlän bahasynyň deň bolan ýagdaýynda, onda ilki teklip
beren tarapyň teklibi kanagatlandyrylýar.
8.1.2.8. Kumulatiw hasabyna görä, iň köp söwdany emele getirýän iki baha
emele gelip, satyn alynýan we satylýan gymmatly kagyzlarynyň
mukdarynyň tapawudy iki bahada da deň bolan ýagdaýynda, şol sessiýada
satmak we satyn almak üçin berlen teklipleriň umumy mukdaryna serediler.
Teklip edilen umumy mukdara görä, satyn alynýan gymmatly kagyzlarynyň
mukdary köp bolsa, iki bahadan ýokarkysy saýlanýar. Eger-de, teklip edilen
umumy mukdara görä, satylýan gymmatly kagyzlarynyň mukdary köp
bolsa, onda iki bahadan pesi saýlanýar.
8.1.2.9. Ýokardakylara laýyklykda, emele gelen 2 bahadan birini kesgitläp
bolmadyk ýagdaýynda, şol sessiýadaky hödürlenen ähli bahalarynyň ortaça
hasaplanan ölçeg (weighted average) boýunça bahasy çykarylyp şol
sessiýanyň bahasy diýip yglan edilýär.
15
8.1.2.10. Gymmatly kagyzlaryň söwdasy geçirilmedik mukdary indiki
sessiýa goýulýar. Indiki sessiýada olar boýunça täzeden teklipler berilýär.
Öňki teklipleri indikä geçirilmeýär.
8.1.2.11. Bir öňki sessiýada yglan edilen baha indiki söwdanyň indikatiw
bahasy hasap edilýär.
Teklipli usulda söwdanyň tapgyrlary
Bu usula geçirilýän söwda sessiýasy iki tapgyrdan ybaratdyr, ýagny teklip
ýygnamak we ahyrky bahalandyrmak tapgyrlary.
Teklip ýygnama tapgyry
Bu tapgyrda satyn alyjylar we satyjylar öz tekliplerini maklera berýärler.
Bu tapgyrda:
Baha teklipleri maklera berlende, wagt nobatyna (yzygiderligine) görä
teklipleriň sanawy düzülýär. Söwda amala aşyrylmaýar;
Bir sessiýada berlen teklipler sessiýanyň soňuna çenli täzeden berlip
bilner. Bu ýagdaýda soňky berlen teklibe görä nobat düzüler;
Teklipler sessiýa gutarýança yzyna alnyp bilner.
Ahyrky bahalandyrmak tapgyry
Teklipleri ýygnamak üçin berlen wagt tamamlanandan soň, maklera
berlen teklipler hasaplanyp, geleşigiň bahasy yglan edilýär.
Bu tapgyrda teklip berilmeýär we/ýa-da berlen teklipler yzyna
alynmaýar we ýatyrylmaýar.
8.1.3. Üznüksiz auksion (continious auction)
Gazna biržasyndaky üznüksiz söwdalar, gazna biržasynyň Elektron söwda
ulgamy arkaly geçirilýär. Elektron söwda ulgamy arkaly söwdalarda,
satyjynyň talap eden bahasy (bahalandyrmasy) we satyn alyjynyň teklip
berýän bahasy gabat getirilýär we bu bahadan (bahalandyrmadan) söwda
amala aşyrylýar.
Gymmatly kagyzlary satyn almak ýa-da satmak üçin söwdalara gatnaşýan
dellallar öz tekliplerini elektron söwda ulgamyna girizýärler. Elektron söwda
ulgamy, bu teklipleri söwda sessiýasynyň dowamynda üznüksiz ýygnap,
16
satyjylaryň we satyn alyjylaryň bahalaryny deň getirip geleşikleri amala
aşyrýar.
Teklipler berlende, gazna biržasynyň iň köp mukdar we baha boýunça
çäklendirmelerine laýyklykda berilýär.
Gymmatly kagyzlaryň söwdasy geçirilmedik mukdary indiki sessiýa goýulýar.
Bir öňki sessiýada yglan edilen baha indiki söwdanyň indikatiw bahasy hasap
edilýär.
Gazna biržasynyň üznüksiz söwda sessiýasynyň açylyş we ýapylyş wagtlary
gazna biržasynyň içerki resminamalary bilen düzgünleşdirilýär.
Taraplaryň töleg boýunça borçnamalary gazna biržasynyň hasaplaşyk
düzgünleri esasynda amala aşyrylýar.
8.1.4. Hususy söwda usuly
Söwdanyň bu usuly döwlet gazna obligasiýalaryny ikinji bazarynda ýerlemek
üçin ulanylyp bilner. Bu söwda usulunda döwlet gazna obligasiýalary nominal
bahasynda satylýar. Bu usulda satyjy maýa goýujylary özi saýlaýar.
Bu usulda satyjy hem-de satyn alyjy degişli dellallaryň üsti bilen geleşigi
gazna biržasynda amala aşyrýarlar. Gazna biržasy bu geleşikleri hasaba alýar
we hyzmatlary üçin gazna biržasynyň nyrhnamasy boýunça töleg alýar.
Hususy usulda, döwlet gazna obligasiýalary bilen geleşikler şu görnüşde
amala aşyrylýar:
Söwda gatnaşyjylar, gazna obligasiýalaryny satmak ýa-da satyn almak
boýunça degişli dellalara ýüz tutýarlar. Şeýlelik bilen, satýan tarap
döwlet gazna obligasiýalaryny gazna biržasynyň üsti bilen satmak
boýunça dellal bilen dellalyk şertnamasyny baglaşýar. Şeýle-hem satyn
alýan tarap döwlet gazna obligasiýalaryny gazna biržasynyň üsti bilen
satyn almak boýunça dellal bilen dellalyk şertnamasyny baglaşýar;
Söwda
gatnaşyjylaryň
dellalarynyň
arasynda,
döwlet
gazna
obligasiýalaryny satyn almak – satmak şertnamasy düzülýär.
Şertnamanyň mysaly nusgasy gazna biržasyndan alnyp bilner.
Şertnamada, taraplar barada maglumatlar, taraplaryň hukuklary we
borçlary, şertnamanyň mazmuny, bahasy, hasaplaşyk tertibi we möhleti,
taraplaryň
jogapkärçiligi
hem-de
gymmatly
kagyzlar
barada
maglumatlar we beýleki düzgünler görkezilýär;
17
Şertnama gol çekilenden soň, bu şertnamany hasaba almak üçin gazna
biržasyna ýüz tutulýar. Gazna biržasy 5 iş güniň dowamynda bu ýüz
tutma seredýär. Geleşigi amala aşyrmak şertleri doly ýerine ýetirilen
ýagdaýynda şertnama hasaba alynýar. Şertnama hasaba alnandan soň,
şertnama boýunça taraplaryň arasynda pul serişdesi bilen özara
hasaplaşyklar 5 iş güniň dowamynda amala aşyrylýar hem-de gazna
biržasynyň nyrhnamasyna laýyklykda ýygymlary tölenýär;
Hasaplaşyklar amala aşyrylandan soň, satyjynyň hasabyna şol şertnama
boýunça tölegiň amala aşyrylandygy barada bankdan degişli resminama
gazna biržasyna berilýär. Soňra, zerur bolan halatynda gazna biržasy
tarapyndan döwlet gazna obligasiýalarynyň eýeçiligi üýtgändigi barada
delilnama berilýär. Eger satyn alyjy tarap ýokarda bellenilen möhletde
şol şertnama boýunça Gazna biržasynyň ýygymyny hem-de satýan tarapa
degişli tölegi geçirmedik ýagdaýynda, bu geleşik ýatyrylýar we gymmatly
kagyzlaryň eýeçiligi üýtgemeýär.
8.1.5. Döwlet gazna obligasiýalaryny birinji bazarda ýerlemegiň usuly.
Bu usul Döwlet gazna obligasiýalaryny diňe birinji bazarda dolanyşyga
goýberilende ulanylýar. Döwlet gazna obligasiýalarynyň ikinji bazarda
dolanyşyga goýberilen ýagdaýynda gazna birža söwdalarynyň degişliligi
boýunça beýleki usullary ulanylýar.
Söwdanyň bu usulynda döwlet gazna obligasiýalary listinge çykarman
ýerlenilýär. Bu söwda usulunda taraplar, geleşigiň şertlerini özara
düşünişmek arkaly geleşigi amala aşyrýarlar. Şeýle-hem, satýan tarapyň
islegine görä bu döwlet gazna obligasiýalary ýazmaça auksion usuly bilen
ýerlenip bilner. Ýazmaça auksion usulynda, teklipler arasyndaky öňürtülik
möçbere görä kesgitlenýär.
Bu usulda satyjy maýa goýujylary özi saýlap bilýär. Maýa goýujylar, döwlet
gazna obligasiýalaryny satyn almak üçin dellal arkaly gazna birža söwdasyna
gatnaşýar.
Türkmenistanyň Merkezi banky, döwlet gazna obligasiýalaryny satyn almak
we satmak boýunça Aşgabat gazna biržasynyň söwdalaryna gönümel
gatnaşyp biler.
Taraplar döwlet obligasiýalarynyň bahasyny özara ylalaşyp, geleşigi gazna
biržasynyň üsti bilen amala aşyrýarlar.
18
Döwlet gazna obligasiýalaryny ýerlemegiň usulynda geleşikler şu görnüşde
amala aşyrylýar:
Döwlet gazna obligasiýalaryň emissiýasy barada maglumatlary we hasaba
alnandygy barada delilnama, satyjy tarapyndan gazna biržasyna
hödürlenýär.
Taraplaryň arasynda satyn almak – satmak şertnamasy düzülýär.
Şertnamanyň mysaly nusgasy gazna biržasyndan alnyp bilner. Şertnamada,
taraplar barada maglumatlar, taraplaryň hukuklary we borçlary,
şertnamanyň mazmuny, bahasy, hasaplaşyk tertibi we möhleti, taraplaryň
jogapkärçiligi hem-de gymmatly kagyzlar barada maglumatlar we beýleki
düzgünler görkezilýär.
Şertnama gol çekilenden soň, bu şertnamany hasaba almak üçin gazna
biržasyna ýüz tutulýar. Gazna biržasy 5 iş güniň dowamynda bu ýüz tutma
seredýär. Geleşigi amala aşyrmak şertleri doly ýerine ýetirilen ýagdaýynda
hem-de gazna biržasynyň hasaba almak ýygymlary tölenenden soň,
şertnama hasaba alynýar. Gazna biržasynyň ýygymlary, Aşgabat gazna
biržasynyň nyrhnamasyna laýyklykda tölenilýär. Şertnama hasaba
alnandan soň, şertnama boýunça taraplaryň arasynda pul serişdesi bilen
özara hasaplaşyklar 5 iş güniň dowamynda amala aşyrylýar.
Şertnama boýunça hasaplaşyklar amala aşyrylandan soň, zerur bolan
ýagdaýynda Gazna biržasy tarapyndan degişli geleşigiň amala aşyrylandygy
barada delilnama berilýär.
IX. Gazna biržasynyň hyzmatlary üçin tölegler
9.1. Gazna biržasy agzalyk hem-de gymmatly kagyzlar bilen bagly ýerine
ýetirýän beýleki hyzmatlary üçin ýygymlary we tölegleri alýar.
9.2. Ýygymlaryň we tölegleriň möçberi, hasaplamagyň we tölemegiň tertibi,
Gazna biržasynyň nyrhnamasy bilen kesgitlenýär.
X. Gymmatly kagyzlar bilen Gazna biržasynyň geleşikleri. Geleşikleri
resmileşdirmek
10.1. Şu Tertibe laýyklykda, geçirilen söwdalaryň barşynda söwdalara
gatnaşyjylaryň arasynda baglaşylan gymmatly kagyzlary satyn almak-satmak
geleşikleri gymmatly kagyzlar bilen gazna biržasynyň geleşikleri diýip ykrar
19
edilýär. Gymmatly kagyzlar bilen gazna biržasynyň geleşikleri, olar Söwda
ulgamynda bellige alnandan soň baglaşyldy diýip hasap edilýär.
10.2. Gymmatly kagyzlar bilen geleşikler, geleşikleriň ykrarnamasy bilen
resmileşdirilýär.
10.3. Geleşikleriň ykrarnamasy, gazna biržasynyň söwdalarynda gymmatly
kagyzlary satyn almak-satmak geleşikleriniň baglaşylandygyny, şeýle hem şu
geleşigiň Gazna biržasy tarapyndan hasaba alnandygyny tassyklaýan
resminama bolup durýar.
10.4. Geleşikleriň ykrarnamasy, gazna biržasynyň makleri we geleşigi baglaşan
treýderlar tarapyndan gol çekilýär we gazna biržasynyň makleriniň möhüri
basylyp tassyklanýar. Geleşikler ykrarnamasy, söwdalara gatnaşyjylaryň
arasynda baglaşylan geleşikler boýunça, özara borçnamalaryny kesgitleýän
hem-de şu Tertibiň we gazna biržasynyň içerki resminamalarynyň şertleriniň
täsirinde bolýan resminama bolup durýar.
10.5. Geleşikleriň ykrarnamasy 3 nusgada resmileşdirilýär, olaryň ikisi
geleşikleri baglaşan taraplaryň her birine berilýär, biri bolsa geleşigi hasaba
almak üçin gazna biržasynda galýar.
XI. Geleşikleri ýerine ýetirmek we hasaplaşyklaryň möhletiniň bozulandygy
üçin jogapkärçilik
Gymmatly kagyzlar boýunça geleşikleri ýerine ýetirmegiň tertibi we möhletleri,
şeýle hem hasaplaşyklaryň möhletiniň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Gymmatly kagyzlar bilen söwdalaryň jemleri boýunça hasaplaşyklary
geçirmegiň Tertibinde bellenýär. Gymmatly kagyzlaryň häsiýetnamasyna we
esasy görkezijilerine baglylykda tapawutlandyrylýar.
XII. Gazna biržasynyň maglumatlary
12.1. Gazna biržasynyň agzalarynyň, gazna biržasyndan aşakda görkezilen
maglumatlary almaga hukugy bardyr:
Geleşige gatnaşan taraplary görkezmezden, gazna biržasynyň geleşikleri
barada umumy maglumatlar;
20
Gazna biržasynyň içerki resminamalarynda bellenen tertibe laýyklykda
listing kompaniýalaryndan alynýan maglumatlar;
Ygtyýarly edara tarapyndan gazna biržasynyň hünärmençilik işi
babatynda
geçirilen
barlaglaryň
netijeleri
baradaky
umumy
maglumatlar.
12.2. Şu bölegiň birinji bölüminde görkezilen maglumatlar Gazna biržasynyň
agzasy tarapyndan resmi soralanda alnyp bilner. Maglumatlar berlende gazna
biržasynyň töleg almaga haky bardyr.
XIII. Gyssagly häsiýetdäki çäreler
13.1. Gyssagly häsiýetdäki çäreler
13.1.1. Gyssagly häsiýetdäki çäreler diýip gazna biržasynyň söwdalaryna
gatnaşyjylaryň ählisiniň, maýa goýujylaryň we gazna biržasynyň bähbitlerini
goramaga gönükdirilen hereketlere diýilýär we söwdalaryň togtadylmagyny
öz içine alýar.
13.1.2. Söwdalary duruzmagyň sebäpleri şular bolup biler:
Gazna biržasynda dolanyşykdaky bolýan gymmatly kagyzlaryň hiliniň
maýa goýujylaryň bähbitlerine düýpli howp salýan derejede
ýaramazlaşmagy;
gymmatly kagyzlar bilen geleşikler boýunça bahalaryň bir söwda
gününiň dowamynda 50 göterimden we ondan ýokary derejede
gyşarmalary;
gazna birža söwdalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň, maýa goýujylaryň we
Gazna biržasynyň bähbitlerine howp salýan beýleki ýagdaýlar.
13.1.3. Gyssagly häsiýetdäki çäreler gazna biržasynyň baş direktorynyň
görkezmesi bilen girizilýär. Görkezmede hökmany suratda gyssagly çäreleriň
görülmeginiň sebäpleri, olaryň häsiýeti we hereket edýän möhleti
görkezilmelidir.
13.1.4. Gyssagly häsiýetdäki çäreleriň hereketi, olaryň hereket etmeli
möhleti tamamlanandan soň bes edilýär. Zerur bolan halatynda, gyssagly
häsiýetdäki çäreleriň hereket edýän möhleti uzaldylyp biliner. Görkezme
haýal etmän gazna biržasynyň ähli agzalarynyň dykgatyna ýetirilýär.
21
XIV. Jedellere seretmek
14.1. Jedelleri we düşünişmezlikleri çözmek
Söwdalara gatnaşyjylaryň arasynda, gazna biržasy bilen onuň agzalarynyň
arasynda gazna biržasynyň geleşiklerini baglaşmak we ýerine ýetirmek
boýunça ýüze çykýan jedeller we düşünişmezlikler, gepleşikler ýoly bilen,
özara kabul ederlikli çözgüdiň tapylmadyk ýagdaýynda bolsa, Türkmenistanyň
kanunçylygyna laýyklykda çözülmäge degişlidir.
Do'stlaringiz bilan baham: |