4-nji mowzuk. Jemgyýetiň pelsepesi. Häzirki zaman jemgyýetiniň global problemalary we jemgyýetiň ösüşiniň geljegi.
Meýilnama:
1. Jemgyýete ylmy we filosofiki çemeleşmäniň esasy taraplary.
2. Jemgyýetiň ösüşinde üznüksizlik we dowamlylyk.
3. Jemgyýeti yzygiderli öňe sürmek.
4. Adamzadyň geljegi we global kynçylyklar.
Edebiýat:
1.Pulatova D. Ruzmatova G, Jalolova O. Axloqshunoslik. Wquv qwllanma. Toshkent: TDSh.2013.
2. AbuNasrForobiy. Fozil odamlar shahri. – T.: Yangi asr avlodi, 2016.318.
3. .Guseynov A.A. Apresyan R.G. Etika Uchebnik. – Moskva: Gardariki, 2013.
4. Krivsun O.A., Apresyan R.G. Etika. Uchebnik. – Moskva: Gardariki, 2013.
5.. Otamuradov S. Globallashum va millat.- Toshkent: Yangiasravlodi. 2008.
1. Sosial filosofiýa umumy filosofiýanyň düzüm bölegi hökmünde. Sosial filosofiýa we beýleki jemgyýetçilik ylymlary
Sosial filosofiýa filosofiýanyň jemgyýeti öwrenýän, has dogrusy, jemgyýetçilik durmuşyna filosofik taýdan seljeriş bermeklige çalyş ýan bölümidir.
Sosial filosofiýa jemgyýeti öwrenýän beýleki ylymlardan düýp göter tapawutlanýar. Mysal üçin, sosiologiýa hem jemgyýeti öwren ýän ylym. Hatda “sosiologiýa” sözi öz göni manysynda “jemgyýeti öwreniş” diýmekdir. Emma sosiologiýa jemgyýetçilik durmuşynyň dürli hadysalaryny köp dürli metodlaryň üsti bilen empiriki derejede (takyk faktlaryň üsti bilen) öwrenýän ylym. Sosial filosofiýa bolsa, sosiologiýadan tapawutlylykda, jemgyýetçilik durmuşyna has umumy görnüşde – teoretik derejede seljerme bermeklige çalyşýar.
Jemgyýeti sosial filosofiýadan we sosiologiýadan başga ylymlar hem öwrenýär. Mysal üçin, taryh, syýasaty öwreniş, demografiýa, medeniýeti öwreniş, hukugy öwreniş ýaly ylymlar. Emma olaryň her biriniň özüne mahsus predmeti bar. Egerde taryh ylmy jemgyýetleriň geçmişini, medeniýeti öwreniş bolsa jemgyýetde medeniýetiň ösüş aýratynlyklaryny öwrenýän bolsalar, demografiýa ilatyň köpelişaza lyş aýratynlyklaryny öwrenýär. Edil şonuň ýaly, syýasaty öwreniş jemgyýetiň syýasy durmuşyny, hukugy öwreniş bolsa, degişlilikde, jemgyýetdäki hukuk gatnaşyklaryny derňeýär.
Sosial filosofiýanyň predmeti – jemgyýetdir. Sosial flosofiýa umumy filosofýanyň bir bölümidir. Şonuň üçinde, filosofik bilimiň ähli häsiýetli aýratynlyklary sosial filosofiýa üçin hem doly derejede mahsusdyr. Olaryň biribirlerine bolan gatnaşygy bitewi zat bilen umumy zadyň arasyndaky gatnaşyk ýalydyr. Biz kitabyň öňki bölüm lerinde umumy filosofik meseleler barada, has dogrusy, barlyk, mate riýa, hereket, giňişlik, wagt, ösüş, kanun, arabaglanyşyk, akyl ýetiriliş, dialektikanyň esasy kanunlary we kategoriýalary (gapmagarşylyklar, mukdar, hil, böküş, inkär etmeler, zerurlyk we tötänlik, sebäp we netije, forma we mazmun, mümkinlik we hakykat, düýp mazmun we hadysa) barasynda giňişleýin gürrüň etdik. Şol meseleler babatyndaky filosofik garaýyşlar jemgyýetçilik hadysalary derejesinde has aýdyň ýüze çykýar. Aýdaly, hereket meselesi. Egerde hereket diýlip islendik üýtgemä düşünilýän bolsa, jemgyýetde bolup geçýän ähli hadysalar hereketiň sosial formasynyň ýüze çykyşynyň ol ýada beýleki bir görnüşleridir. Hatda filosofiýanyň esasy meselesini, ýagny aň bilen materiýanyň mynasybeti meselesini hem sosial hakykat derejesinde özboluşly beýan etmek mümkin. Bu mesele dogrusynda jemgyýete degişli filosofik taglymatlar, öz gezeginde, materialistik we idealistik konsepsiýalara bölünýär. Idealisik taglymatlarda jemgyýetçilik ösü şinde kesgitleýji orun ruhy başlangyja (Hudaýyň emrine, Absolut ruha ýada adam aňyna) degişli edilýän bolsa, materialistik taglymatlarda, tersine, bu orun maddy başlangyçlara degişli edilýär. Idealistik tag lymatlaryň mazmunyny açyp görkezýän mysal hökmünde – XIX asyryň fransuz pozitiwistleri tarapyndan öňe sürülen “dünýäni ideýa lar dolandyrýar” diýen şygary getirmek mümkin. Materialistik kon sepsiýalara degişli mysal hökmünde bolsa, marksizm tarapyndan öňe sürlen “jemgyýetçilik barlygy jemgyýetçilik aňyny kesgitleýär” diýen ýörgünli şygary getirmek mümkin. Bu aýdylanlar sosial filosofiýay nyň umumy filosofiýadan üzňe dälde, onuň özboluşly dowamylygy ny aňladýar.
Do'stlaringiz bilan baham: |