Туркестанская Библиотека - www.turklib.ru – Turkistan Library
gelipdir we utanjyna ýüzi gyzarypdyr. Ýene öňküsi ýaly, ýola çykýança, ogluna hiç zat
diýmändir. Ýolda ogluna:
- Hiý, şunuň ýaly hem akmaklyk bolarmy? Goltuga salynjak zat bilen salynmajak zady
bilmeýärmiň?! - diýip käýinipdir.
Oglanyň bolsa gahary gelipdir. Öýe baranlaryndan soň oglan:
- Bu hili käýinç eşidip ýaşanymdan ýaşamanym gowy - diýip, özüni tamdan taşlamakçy
bolupdyr. Ol tamyň üstüne çykyp, gyrasyna gelýär welin, şol wagt bagt:
- Aý, akyl, ýetişeweri, oglan elden gitdi - diýip, uly ili bilen gygyryberipdir. Akyl derrew baryp,
şol oglanyň başyna gonupdyr. Oglan akyllanyp, özüni tamdan taşlamak pikirinden el çekipdir.
Şeýdip, dawada akyl ýeňiji bolupdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |